HG: Döredijilik erkinligini bogýan Aşgabat daşary ýurt ýazyjy-şahyrlaryna onlarça heýkel diker
Azatlyk Radiosy
0:00 / 0:00
HG: Döredijilik erkinligini bogýan Aşgabat daşary ýurt ýazyjy-şahyrlaryna onlarça heýkel diker
2 022 просмотра · 2 г. назад
Azatlyk Radiosy
106 тыс. подписчиков
2 022 просмотра · 2 г. назад
Bu günki programmamyzda:
Türkmenistandaky sowuk howa, Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda bolşy ýaly birden geldi. 25 gradus maýyl howa bir gije-gündizde nola düşdi we aşaklap başlady. Ýurduň käbir bökelerinde aýazly howada ýagan ýagyş doňaklyk döretdi. Azatlygyň Lebapdaky we Marydaky habarçylary howanyň adamlaryň gündeki durmuşyna ýetiren täsiri barada maglumat berýärler.
Döwlet eýeçiligindäki metbugat golaýda Türkmenistanda ýene onlarça bürünç heýkeliň guruljakdygyny habar berdi. Täze guruljak heýkeller barada öz pikirini aýdan synçylaryň käbiri Magtymguly Pyragynyň Aşgabadyň günortasyndaky heýkeliniň töwereginde dikeldiljek ýadygärlikleriň hakykatda ‘Aşgabadyň ýapyklyk syýasaty’ babadaky tankyda gytaklaýyn jogap bolmagynyň mümkindigini öňe sürýär.
Kreml tankytçysy Alekseý Nawalnynyň bosgunlykdaky aýaly ÝB liderleri bilen boljak duşuşygyň öňüsyarsynda "öz ýurtlary üçin alyp barýan göreşlerini dowam etdirmek" wadasyny berip, özlerine goldaw berilmegine çagyryp, iki minutlyk wideo çap etdi.
Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar
#habarlar