Sabo Artykow - Saklanaý
Humay Tv
0:00 / 0:00
Sabo Artykow - Saklanaý
3 351 просмотр · 3 года назад
Humay Tv
8,57 тыс. подписчиков
3 351 просмотр · 3 года назад
Türkmen Pop Müziği Sanatçısı Sabo Artıkov'dan Saklanay isimli şarkı
Türkmenistanyň tanymal estrada aýdymçysy we sazandasy Sabo Artykowyň ýerine ýetirmeginde Saklanaý aýdymy.
Halkymyzyň arasynda «Sabo Artykow» ady bilen tanalýan aýdymçynyň asyl ady Togrulbeg Artykowdyr.Ol 1981-nji ýylda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetini gutaryp, otuz ýyldan-da gowrak mugallym bolup işläpdir. Ol 1980-nji ýylda Togrulbeg Artykow bilen durmuş gurupdyr. Durmuş toýlarynda türkmen estrada sungatynda öz ýoluny goýan halypa aýdymçy Nurýagdy Tokgaýew aýdym aýdypdyr, wäşi artistler Juma Ýazmyradow bilen Gurbannazar Atakgaýew dagy toýuň alypbaryjylary bolupdyrlar. Togrulbeg Artykowyň maşgalasynda bäş gyz perzentleri bolup ählisi maşgalaly. Häzirki wagtda bularyň 16 sany agtygy bar. Orazgül mugallym ilki bilen ýan ýoldaşynyň arhiw maglumatlary bilen tanyşdyrdy. Togrulbeg Hallyýewiç Artykow 1960-njy ýylyň 8-nji iýulynda Kaka etrabynyň Ýüzbaşy obasynda doglupdyr. Torulbeg iki oglan, dört gyz doganyň biri. Özem ol maşgalanyň körpe perzendi. Häzirki wagtda onuň diňe iki aýal dogany aýatda diri. Onuň uly agasy polisiýa işgäri eken. Çaga wagty Togrulbeg agzy bilen dürli hereketlerde her dürli saz heňlerine hiňlenip, gijelerine agasyny arkaýyn uklamaga rahatlyk bermändir. Ahyry bir gün onuň bu hereketine çydaman, agasy ony ýörite sazçylyk mekdep-internatyna äkidýär. Barsalar ol ýerde eýýäm gözden geçiriliş tamamlanypdyr. Onsoň agasy: «Gaýrat edip şuny synagdan geçiriň, şunuň agzy bilen saz çalyp oturmasyndan ýaňa gijelerine arkaýyn ukymy alyp bilmämsoň, halys çydaman geldim» diýip ýagdaýy düşündirýär. Onsoň synag topary Togrulbegi pianino saz guralyň ýanyna eltip: «Hany, şu saz guralda saz çalyp ber» diýýärler. Ol şonda saz çalyp başlandan «haçan öwrendikä?» diýip agasynyň özi geň galypdyr. Şeýlelik bilenem ol ilki şol wagtky Respublikan Ýörite sazçylyk mekdep-internatynda, soňra 9-10-njy synplaryny Kaka etrabyndaky 13-nji orta mekdepde okaýar. Orta mekdebi tamamlansoň, şol döwürdäki Türkmen döwlet pedagogik sungat institutynda ýokary bilim alýar. Ol mekdep-internatynda okaýan wagtlary futbol ýaryşlaryna işjeň gatnaşýar eken. Onuň futbol oýnamaga-da ukyplydygyna göwünleri ýetip, «SSSR-iň ýygyndy toparynyň belli oýunçylarynyň biri Ýožef Sabo ýaly ussat oýunçy bolarsyň» diýip, deň-duşlary adyna «Sabo» diýip ýüzlenipdirler. Şeýlelik bilenem onuň Sabo ady ýörgünli bolup galýar. Ol öz döwründe Alagaýyşly festiwalynda ýeňiji bolýar.
—Togrulbeg bir mahal Özbegistanyň «Ýalla» aýdym-saz toparynda-da, özbek halkynyň meşhur aýdymçysy Ýulduz Usmanowa dagy bilen bile işledi. Soň şol ýerde geçirilen halkara bäsleşige baranda Türkmenistanyň halk artisti Atabaý Çarygulyýew Togrulbegi ýurdumyza alyp gaýdýar. Soň olar kän ýyl bile işleşdiler. Togrulbeg Atabaýyň ýerine ýetiren halk aýdymlarynyň köpüsini estrada geçirdi. Ynha, onuň öz ýerine ýetiren aýdymlarynyň wideoýazgylary — diýip, ol el telefonundan Togrulbeg Artykowyň aýdan aýdymlaryny diňletdi. Ol: — 1995-nji ýylda Togrulbeg bilen Türkiýä gezelenje gitdik. Şonda saz guraly satylýan dükana bardyk. Ol saz guraly satyn almak üçin ilki şol guralda saz çalyp hilini barlap gördi. Şonda bir ýigit: «Adym Şawkat, özümem sazanda, gal, sen şu ýerde, biziň toparymyzda işle!» diýip Togrulbege gaty kän ýalbardy. Togrulbeg nirede bolsa-da öz ýurduny küýseýärdi. Birnäçe daşary ýurtlara döredijilik saparlara gitdi. Wetnam döwletinde saparda bolanda Watan hakynda aýdym döredipdi. Häzirki wagtda-da aýdymçylar ol aýdymy «Daş, daş, ara daş» diýip aýdýarlar. Ol «Gara bägüller» filmini saz bilen bezedi. Onuň döreden aýdymlaryny Parahat Amandurdyýew, Jahan Tagyýewa, Nurýagdy Rejebow, Zöhre Gurtnyýazowa, Guwanç Ýazmämmedow, Annaguly Babaýew, Rahman Hudaýberdiýew we başga-da ýurdumyzyň sungat ýyldyzlarynyň ençemesi ýerine ýetirýärler. Togrulbegiň döredijiligine degişli «Durnalar», «Ezizim», «Mährim», «Mährijemal», «Aýralyk», «Biwepa» we başga-da ençeme aýdymlary häzirki döwürde hem teleradio ýaýlymlarda ýaňlanyp dur diýip gürrüň berdi. Soňra-da ol gülüp: «Togrulbegiň döreden aýdymlarynyň arasynda «Mährim», «Mährijemal» atly aýdymlary kän. Ol aýdymlaryň sözlerini sazyny özi ýazansoň, gaýynenem: «Ýoldaşyň haçan görseň «Mähri» diýip zarlap ýör welin, şu gezek gyzyň bolsa adyna Mähri dakjak» diýip üçünji gyzymyzyň adyna Mähri dakdy. Onuň bu syry hakynda welin, başga hiç zat bilemok. Neresse 2014-nji ýylyň 24-nji aprelinde-de dünýeden gaýtdy — diýip dymdy.